Günde bolup geçen güýçli alaw Ýerde radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp boldy

  • 05.07.2023 12:49
  • 22k+

2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda ýekşenbe güni Günde X derejeli güýçli alawlama bolup, ol Ýeriň atmosferasyna "zarba urdy" we ABŞ-nyň we Ýuwaş ummanynyň käbir sebitlerinde radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp boldy. Bu barada NASA-nyň Gün dinamikasy obserwatoriýasy habar berdi.

Bu alaw Demirgazyk amerikan gündogar wagty bilen 15:14-de (aşgabat wagty bilen 00:14) bolup geçdi. NASA muny açyk ultramelewşe şöhle hökmünde suratlandyrýar. Oňa Gün şöhlesiniň bar bolan tipleriniň iň güýçli görnüşi — X klasy berildi.
Alawyň çeşmesi Ýeriň diametrinden ýedi esse uly bolan AR3354 Gün tegmilidir. Spaceweather atly tematiki çeşme şöhläniň radiasiýasynyň Ýeriň atmosferasynyň ýokarky gatlaklaryny ionlaşdyrandygyny, bu bolsa ABŞ-nyň günbatar sebitlerinde we Ýuwaş ummanynda gysga tolkunly radioaragatnaşygyň kesilmegine sebäp bolandygyny habar berdi.


şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....