Fransiýa Google-a 2 million ýewro jerime saldy

  • 05.07.2023 11:24
  • 15k+

Sişenbe güni Fransiýanyň Bäsdeşlik, sarp ediş we salgytdan gaçmaklyga garşy göreş boýunça baş müdirligi (DGCCRF) sarp edijilere takyk maglumat bermändikleri üçin Google-a 2 million ýewro jerime saldy. Bu barada müdirligiň metbugat beýanatynda habar berildi.

"2021-nji ýylda Google-yň platformasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde DGCCRF-iň Milli Derňew Gullugy sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakyndaky kodeksde göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmändigi üçin Google Ireland Ltd-e kompaniýasyna umumy mukdary 2 015 million ýewro barabar administratiw jerime saldy" – diýip, metbugat beýanatynda aýdylýar.

Düzgünleşdiriji hyzmatyň gözleg motorynda we Google Play goşundylar dükanynda gözlegiň netijelerini, tölegiň şertlerini we teklipleriň bahasyny kesgitlemegiň mehanizmleri barada maglumatyň ýoklugy bilen baglanyşykly birnäçe düzgünbozmany hasaba aldy.
Barlaglar başlaly bäri kompaniýanyň käbir düzgünbozmalary aradan aýrandygy hem bellendi.


19.06.2026 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:30
3.8k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.8k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......