Apple-iň AirPods nauşniklerinde beden gyzgynlygyny ölçäp bolar

  • 05.07.2023 11:20
  • 7.4k+

Apple kompaniýasynyň oýlap tapyjylary AirPods-a ornaşdyrmak üçin täze tehnologiýalary göz öňünde tutýarlar. Bloomberg neşiriniň habaryna görä, enjamlar ulanyjynyň bedeniniň temperaturasyny ölçemek we eşidiş derejesine gözegçilik etmek funksiýalaryny alyp biler.

Neşir: "Kompaniýa sagdyn eşidişi we bedeniň gyzgynlygyny kesgitlemegiň täze funksiýalaryny girizmek üçin mümkinçilikleri gözleýär, şeýle hem arzan modelleri çykarmagy we USB-C zarýad portlaryna geçmegi meýilleşdirýär" – diýip ýazýar.

Birinji funksiýa nauşnigi dakýan adamyň gulak kanaly arkaly bedeniň gyzgynlygyny kesgitläp bilýän içerki datçikler bilen işlär. Bu usulyň Apple Watch Series 8-i we Ultra-ny ulanyp, bilekdäki görkezijini ölçemekden has takyk boljakdygy bellendi.
Mundan başga-da, Apple eşidişinde kemçiligi bolan ulanyjylara kömek etjek simsiz nauşnik programmasyny hödürlemegiň ýoluny gözleýär. Bu pikir enjamyň eýesiniň eşidişi bilen bagly meselesini özbaşdak kesgitläp bilmeginden ybarat. Barlag hökmünde gajet belli ýygylyklarda signal döreder.


17.06.2026 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....