Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitinde birnäçe anyk ugurlary öňe sürdi

  • 04.07.2023 22:48
  • 15k+

4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir diýip nygtady. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr  diýip, döwlet Baştutany işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.

Birinjiden: kiber we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmakdyr.
Ikinjiden: täze kontinentara we sebit ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we bar  bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistika işiniň amatly usulyny emele getirmekdir.
Üçünjiden: energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki  taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek bolup durýar. Gürrüň Şanhaý  Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmagy barada barýar diýip, Prezident aýtdy.
Dördünjiden: ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýat  döretmek diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.
Bäşinjiden: howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar.  Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Howanyň  üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan  taraplara teklip etdi.

Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutany beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji çärelerini kesgitledi.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......