Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

  • 04.07.2023 17:48
  • 16k+

Şu gün, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Hindi tarapynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçen çärä şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, RF-niň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, şeýle hem ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min we ŞHG-niň Sebitleýin terrorçylyga garşy düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň direktory Ruslan Mirzaýew gatnaşdy.
Synçy döwletler hem-de hormatly myhmanlar hökmünde sammite EÝranyň Prezidenti Ibrahim Raisi, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Uhnaagiýn, şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Sammitiň Gün tertibine laýyklykda, sebit we halkara tematikasy boýunça ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......