3-nji iýulda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri» atly halkara maslahat geçirildi.
Foruma oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar.
Çykyş edenler Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde howa şertlerini gowulandyrmaga, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýän tokaý zolaklarynyň döredilýändigini bellediler.
Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.