Ford 7-nji iýuldan Fiesta hetçbeginiň önümçiligini bes eder

  • 03.07.2023 20:31
  • 8.2k+

Wagt hiç kimi we hiç zady gaýgyrmaýar, şol sanda bu ýagdaý önümçilik hatarynda 47 ýyl saklanan Ford Fiesta hetçbegine hem degişlidir: 7-nji iýulda bu modeliň önümçiligi bes ediler we ol taryha siňer.

Ford Fiesta (entek) Germaniýada Kölndäki zawodda öndürilýär. Konweýerdäki boşan ýeri elektrikli awtoulag - Ýewropa üçin ýörite döredilen ykjam Ford Explorer eýelär.
Ford Fiesta 1976-njy ýylda goýberilip başlandy, şonda 1,0-dan 1,6 litre çenli dürli hereketlendirijili awtoulaglar hödürlendi. Gyzykly ýeri, göwrümler häzirem birmeňzeş, ýöne turbo geçiriji sebäpli kuwwaty has ýokary. Bu 47 ýylda hetçbegiň uzynlygy 50 sm töweregi artyp, gabarasynyň ölçegleri hem ulaldy.
Ford soňky birnäçe ýylda belli modelleriň köpüsinden ýüz öwürdi. Mondeo indi satylmaýar we S-Max bilen Galaxy awtoulaglary Ýewropanyň çäginde baram bolsalar, indi öndürilmeýär.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....