Porsche Panamera-ny döreden Gernot Dýollner Audi kompaniýasyna ýolbaşçy bellenildi

  • 03.07.2023 12:02
  • 8.5k+

Gernot Dýollner 1-nji sentýabrdan başlap, Markus Dýusmannyň ýerine Audi-niň başlygy bolar. Ol 1993-nji ýyldan bäri Volkswagen toparynda bolup, Panamera hatarynyň başlyklygyny hem öz içine almak bilen, dürli döwürde Porsche-de birnäçe ýokary wezipelerde işledi. 2020-nji ýyldan bäri Audi-e ýolbaşçylyk eden Dýusmannyň mundan beýläkki ykbaly resmi taýdan takyk aýdylmady.

Gernot Dýollner 1998-nji ýylda Porsche-niň ýokary ýolbaşçylygyna goşuldy. 2001-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli konseptleriň işlenip taýýarlanyşyna ýolbaşçylyk etdi we şol döwürde 918 Spyder superkaryny döretmek boýunça taslama gatnaşdy. Dýollner 2011-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Panamera hatarynyň ösüşine gatnaşdy we 2021-nji ýyldan başlap bolsa Volkswagen-iň ähli önüminiň strategiýasynyň meýilleşdirilişine jogap berip gelýärdi.
Işgärler düzümindäki üýtgeşmeleriň näme bilen baglydygyny Audi takyk aýtmaýar. Resmi däl maglumatlara görä, kompaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzmekde gijä galynmagy bilen baglanyşykly täze modelleriň goýberilişinde agsalmagy konserniň ýolbaşçylygynyň nägile bolmagyna getiripdir. Mundan başga-da, kompaniýa Hytaý bazaryndaky ornuny ýitirýär.


düýn 21:39
2.2k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 13:31
2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....