Twitter her gün görüp bolýan postlaryň sanyny çäklendirýär

  • 03.07.2023 11:54
  • 3.3k+

Twitteriň eýesi Ilon Mask Twitter-iň ulanyjylarynyň gündelik okap biljek twitleriniň sanyny wagtlaýyn çäklendirýär diýdi.

Tassyklanmadyk akkauntlary bolan ulanyjylar indi günde diňe 1000 posta çenli okap bilerler.
Täze tassyklanmadyk hasap ýazgylary üçin bellenen çäk günde 500 twit bolar. Barlanylan hasap ýazgylary häzirki wagtda günde 10 000 habar okap biler.
«Gök bellik» almaga mümkinçilik berýän sosial ulgamy barlamak aýda 8 dollar, iPhone-nyň ulanyjylary üçin bolsa aýda 11 dollardyr.
Mask ilkibaşda has berk çäkleri kesgitledi, ýöne täzelik yglan edilenden birnäçe sagatdan soň olary üýtgetdi.
Onuň sözlerine görä, bu çäre maglumatlary ýygnamagyň we ulgam manipulýasiýasynyň "aşa derejä" çykmagyna garşy göreşmek üçin girizildi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
914

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...