Werstappen Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 03.07.2023 09:56
  • 2.6k+

“Red Bull” toparyndan niderlandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Şpilbergde geçirilen ýaryşda ikinji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi. Liderleriň üçlügini meksikaly Serhio Peres (“Red Bull”) jemledi.

“Formula-1-iň” häzirki we iki gezek çempiony Werstappen yzygider bäşinji tapgyrda ýeňiş gazanyp, umumy sanawda öňdebaryjylygyny berkitdi.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry Beýik Britaniýanyň Gran-prisi bolup, 7 – 9-njy iýulda Silwerstounda geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....