Irlandiýa ÝB-de baha babatda ýaşaýyş üçin iň gymmat ýurt boldy

  • 02.07.2023 16:58
  • 4.9k+

Ýewropa Bileleşiginiň 27 döwletinde gündelik isleg bildirilýän hyzmatlar we harytlar, şol sanda azyk önümleri we içgiler üçin bahalar düýpli tapawutlanýar. Bu barada ÝB-niň statistika edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Geçen ýyl iň gymmat ýurt Irlandiýa boldy, bu ýerde ýaşaýşyň bahasy Ýewropa Bileleşigi boýunça ortaça bahadan 46,4% ýokarydyr. Onuň yzyndan Daniýa (+44,5%) we Lýuksemburg (+36,8%) gelýär.
Uly ýurtlardan ortaça statistiki görkezijilere, esasan, Italiýa ýakyn boldy, bu ýerde sarp ediş sebedi Ýewropadaky ortaça bahadan bary-ýogy 0,2% gymmatdyr, şeýle-de, arifmetiki ortalyga Germaniýa (+8,9%) we Ispaniýa (-3,5%) ýakyn.
Şol bir wagtyň özünde, iň arzan ýurtlaryň hataryna Rumyniýa girýär, bu ýerde sarp ediş sebedine ÝB boýunça ortaça bahadan 42,2% az tölemeli bolýar. Sanawda Bolgariýa (-41,3%) we Polşa (-38,5%) hem bar.
Daniýa egin-eşikleriň we aýakgaplaryň bahasy boýunça ÝB-de liderdir, şol bir wagtyň özünde olar Bolgariýada has arzandyr diýip, Ýewrostatyň habarynda aýdylýar.
Ýöne yklymyň iň gymmat we iň arzan ýurtlary Ýewropa Bileleşigine girmeýär. Ýaşaýşyň bahasy boýunça liderler Şweýsariýa (+74,3%), Islandiýa (+59%) we Norwegiýadyr (+42,9%). Şol bir wagtyň özünde, sarp ediş sebedi Türkiýede Ýewropadaky ortaça bahadan 60%, Demirgazyk Makedoniýada 49% arzandyr.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....