Elwan Studio iýul-awgust aýlarynda ýazylanlara love story sowgat edýär

  • 01.07.2023 19:23
  • 26k+

Durmuş toýlarynyň, ýaş toýlarynyň, toý sadakalarynyň ýakymly pursatlaryny foto we wideo şekilleriň üsti bilen ebedileşdirip berýän «Elwan Studiosy» toý etmek isleýänler üçin amatly teklip hödürleýär.

Ýagny, «Elwan» iýul-awgust aýlarynda ýazylanlara LOVE STORY sowgat edýär. Love Story sowgat almak üçin iýul-awgust aýlarynda toý etmek hökman däl. Diňe bu aýlarda öňünden ýazylyp goýmak ýeterlik.
Galyberse-de, «Elwan» 2-3 aý öňünden edilen sargytlara uly arzanladyşlary hem hödürleýär.

Love Story näme?
Love Story – bu toý edýän ýaş juwanlary tematiki surata düşürmekdir. Onda ýaş jübütleriň duşuşyk taryhyndan başlap, iki ýüregiň birleşýän wagtyna çenli täsin taryh beýan edilýär.
Soňky wagtlarda toý edýän ýaşlarda Love Story has hem meşhurlyga eýe boldy. Bu hili suratlar toý mekanlarynda toýuň gidip duran wagtynda uly ekranlarda görkezilýär.


Toýdan ep-esli wagt geçenden soň hem ýakymly pursatlary gaýtadan janlandyrmak üçin Love Story suratlary tüýs ýerine düşüp biler.

Love Story-ny nirede, haçan we nädip düşeniňde has täsirli boljakdygyny welin, «Elwan» Studiosynyň ussat işgärleri size maslahat berer.
«Elwan Studiosy» amatly bahadan ýokary hilli, ygtybarly hem tiz hyzmatyny hödürleýär.
Toý dabaralaryny foto we wideo düşürip, taýyn görnüşde müşderä gowşurmak hyzmatlaryny studio tiz wagtda — 1 aýyň dowamynda ýerine ýetirýär.

Habarlaşmak üçin:
Tel: +99361 66-11-00
Instagram: @elwanstudio
Salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi


Şeýle hem okap bilersiňiz:

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......