Dünýädäki iň gadymy gazet soňky gündelik sanyny çykardy

  • 01.07.2023 18:52
  • 16k+

1703-nji ýyldan bäri neşir edilýän Awstriýanyň “Wiener Zeitung” gazeti anna güni üç ýüz ýyldan gowrak gündelik neşirlerden soň özüniň gündelik tiražyny bes etdi. Indi neşir diňe sanly görnüşini çykarar, çap görnüşinde bolsa diňe aýlyk daýjestleri galdyrmak meýilleşdirilýär diýip, Interfax.ru habar berýär.

Ilkinji gezek “Wiennerisches Diarium” ady bilen neşir edilen gazet 1703-nji ýylyň 8-nji awgustynda Mukaddes Rim imperiýasynda çykdy we häli-häzire çenli içerki we daşary ýurt habarlaryny, medeniýeti we biznesi şöhlelendirýän köp sanly makalaly ýokary hilli neşir hasaplandy. Gazetde Adam hukuklarynyň jarnamasynyň teksti neşir edildi, Mosart bilen Bethowen bolsa onda bildirişleri berýärdi.
Neşir döwletiň hususy eýeçiliginde, ýöne awtonom redaksiýa eýedir.
Gündelik çap sanlaryny çykarmagy bes etmegi sebäpli “Wiener Zeitung” redaksiýanyň işgärlerini tas üçden iki bölek – 83 adamdan 20 adama çenli azaltmaly bolýar.
Çap gündeliginiň ýapylmagynyň sebäbi redaksiýanyň soňky kanundan soň ýüzbe-ýüz bolan girdejileriň ep-esli azalmagy boldy. Kanun täjirçilik sanawynda üýtgeşmeleriň çap neşirlerinde çap edilmegi üçin kompaniýalara bildirilen töleg tölemek talabyny ýatyrdy.
Gazetiň belleýşi ýaly, soňky gündelik çap sanynda iň meşhur awstriýaly bolan Arnold Şwarseneggeriň interwýusy çap edildi.
Mundan başga-da, öňdäki sahypada şeýle sanaw çap edildi: 116,840 gün, 3 839 aý, 320 ýyl, 12 prezident, 10 imperator, 2 respublika, 1 gazet.


04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

25.04.2026 16:02
6.4k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

23.01.2026 12:02
8.6k+

Awstriýada zähmet guralyny ulanmaga ukyply sygyr tapyldy

Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi...