Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde bir basgançak aşak düşdi

  • 30.06.2023 09:22
  • 36k+

FIFA saýtynda 29-njy iýunda milli ýygyndy toparlaryň sanawyny täzelendi. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňki — 6-njy apreldäki sanawdaky ýerinden bir setir aşak düşüp, 138-nji orny eýeledi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyz 1089 utuk toplap, Malaýziýa bilen Ruandanyň arasynda ýerleşýär.

Argentina sanawda dünýäniň lideri bolmagyny dowam edýär. FIFA-nyň dünýä reýtinginde birinji orna dolanyp gelmeginden üç aý soň hem öňdeligini saklaýar. Ýakynda argentinalylar ýoldaşlyk duşuşygynda Awstraliýa bilen Indoneziýadan üstün çykdy.
Ilkinji üçlük üýtgemedi. Fransiýa 2-nji, Braziliýa 3-nji orunda ýerleşdi. Reýtingde iň uly pese gaçyş Uelsde (35-nji ýer, 9 ýer aşak) we Kot-d’Iwuarda (51-nji ýer, 6 ýer aşak) hasaba alyndy.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
1.9k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....