Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri hem-de Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

  • 29.06.2023 11:42
  • 16k+

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz çakylygy kabul edip, täze şäheriň açylyş dabarasyna we onuň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere gatnaşmaga gelendikleri üçin Mehmet Fatih Kajyra we Rifat Hisarjyklyogluna minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara ynanyşmak we açyklyk häsiýetine eýedigi bellenildi.
Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösdürilmegine türk kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygy bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy türk kompaniýalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......