Nissan Leaf 2024 modeli bilen tanyşdyrdy

  • 28.06.2023 17:07
  • 10k+

2024-nji ýylyň täze Nissan Leaf elektrik awtoulagy başlangyç bahasy 30 000 dollardan eýýäm satuwa çykdy. Munuň özi ony ABŞ-da iň amatly elektrik ulagynyň birine öwürýändigini Nissan habar berdi.

2010-njy ýylda Leaf-i ilkinji köpçülik elektrik ulagy hökmünde çykarandan soň, Nissan-yň doly elektrikli ykjam awtoulagy, 2020-nji ýylyň başynda Tesla Model 3 ondan öňe geçýänçä, 2018-nji ýylda dünýäde iň köp satylan elektrik ulagy boldy.
2024-iň modeli iki görnüşde goýberiler: Leaf S we SV Plus. Esasy wersiýasynda elektrik awtoulagy 240 km aralygy kepillendirýän 40 kWt batareýa alýar. Batareýa bilen bilelikde 147 at güýji bolan öň okda elektrik hereketlendirijisi işleýär. Leaf SV Plus 341 km-e çenli aralykda 60kWt batareýa ulanýar. Bu wersiýanyň bahasy 37 285 dollar.
Leaf S-iň 80% -e çenli zarýad almagy üçin 40 minut gerek, SV Plus bolsa bir sagat wagt alýar.


düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

24.06.2026 18:36
4.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......