Müsür 96 sagatlyk mugt tranzit wizasyny almak mümkinçiligini döretdi

  • 28.06.2023 16:44
  • 13k+

Müsüriň häkimiýetleri ýurduň çäginde dört güne çenli möhlet üçin mugt tranzit wizasyny almak mümkinçiligini hödürlediler. Bu barada Kairdäki Egypt Air awiakompaniýasynyň baş ofisi habar berdi diýip, TASS belleýär. 

Awiakompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, indi 8 sagatdan 96 sagada çenli möhlet bilen Müsüre giriş üçin tranzit wizasyny almak mümkinçiligi peýda boldy. Tranzit wizasyny Kairiň halkara howa menziline geleniňde mugt resmileşdirmek bolýar. 
Egypt Air-iň ofisinde ýolagçynyň, şeýle wizany almak islese, geleninden soň awiakompaniýanyň tranzit ofisine ýüz tutmalydygy we şeýle ýagdaýlar üçin adaty bolan ýörite anketany doldurmalydygy bellenilýär.
Şeýle çözgüt döwletiň durnukly ösüş maksatlara ýetmek ugrunda giriş syýahatçylygyny işjeňleşdirmek maksady bilen, şeýle-de Müsüre gelýän syýahatçylara we myhmanlara goldawy üpjün etmek üçin kabul edildi diýip, awiakompaniýa belleýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......