Asmanexpress-iň täze wersiýasynda 10 minutda 19 l suw sargyt edip bolýar

  • 28.06.2023 15:18
  • 81k+

Asmanexpress ykjam goşundysynyň täze wersiýasyny ýükläp alyp, onuň mümkinçiliklerini dolulygyna synag edip görmegi teklip edýär. Täze wersiýada dünýäde 10 MINUTDA 19 l arassalanan agyz suwuny eltip berýän ilkinji hyzmat işläp başlady.

Bu hyzmat arkaly gündelik sarp edýän arassalanan agyz suwumyzy aýratyn sargyt edip bolýar. Her bir adamda öwrenişen hyzmatyndan başgasyna geçmekde birnäçe soraglar ýüze çykyp biler. Asmanexpress müşderileriniň durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin hem-de şol soraglary aradan aýyrmak üçin täze, 10 minutda eltip berýän Arassa Asman hyzmatyny teklip edýär. Arassa Asmana geçmelimi ýa-da öňki sargyt edip ýören suw getirijiňde galmalymy diýip ikirjiňlenýänler üçin bolsa, Asmanexpress bu hyzmaty 10 GÜNLÜK barlap görmegi teklip edýär. 10 günüň dowamynda Siz hyzmaty, suwuň tagamyny we ýokary hilini barlap görüp bilersiňiz. Göwnüňizden tursa, Arassa Asman bilen dowam edip bilersiňiz. Çünki Asmanexpress hyzmatynyň we harydynyň hiline aýratyn üns berýär, adamlara açyk hem dogruçyl işini görkezýär.
Arassa Asman ÄHLI SUW GAPLARYNY ÇALYŞÝANDYGYNY ýatladýar. Asmanexpress ähli sargytlary gapyňyza çenli eltip berýär. Köp jaň edip, müşderini bimaza edip duranok.
Adamlaryň durmuşynda wagt iň gymmatly haryt. Işden öýe gelip, arassalanan agyz suwuny sargyt etmegi unudan wagtyňyz boldumy? Ýa-da şol gün sargydyň giç berlenligi sebäpli erteki güne geçirilýän wagtyna gabat gelip gördüňizmi?
Adatça arassalanan agyz suwuny sargyt edip näçe wagt garaşýarsyňyz?
Anyk bileňizokmy?

Asmanexpress munuň anyk wagtyny bilýär — 10 MINUT! Arassa Asman bu dünýäde iň gysga wagtda, ýagny 10 minutda arassalanan agyz suwuny eltip bermegi göz öňünde tutýan hyzmatdyr. Diňe Asmanexpress size sargydyňyzy 10 minutda getirer, özem iş güni 07:00 - 23:00-a çenli dowam edýär. Ynanyp bolmajak bu hyzmaty Siz ilkinjileriň biri bolup synag edip bilersiňiz!
Arassa Asman 19 l arassalanan agyz suwuny Asmanexpress we Asmanmega bölümlerinde amatly bahadan zerur harytlaryňyz bilen hem sargyt edip bilersiňiz. Asmanexpress we Asmanmega hyzmatlarynda öýe gerek sargyt edilen harytlary degişlilikde 10 we 30 minutda eltip berýärler. Asmanshop-yň işgärleri bolsa bary-ýogy 90 minudyň içinde saýlan brend egin-eşigiňizi siziň öýüňize getirýär.
Asmanjobs bolsa iş gözlemek üçin onlaýn platforma bolup, onda ulanyjylar özüne laýyk boş iş orunlaryny tapyp, şeýle hem öz hünärleri barada maglumaty aňsatlyk bilen ýerleşdirip bilerler.
Ýakynda ykjam goşundyda lotereýa hem oýnalyp başlanar!
Hökmany suratda Asmanexpress-i özüňize ýükläp alyň! Dürli sowgatlar Size garaşýar! 
Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyň!

Asmanexpress onlaýn platformasyny özüňize ýükläp alyň we jemi 100 manatlyk kuponlary gazanyň:

  • Asmanexpress 15 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanmega 20 manatlyk kupon we 3 mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär;
  • Asmanshop – 50 manatlyk kupony hödürleýär;
  • Arassa Asman – 15 manatlyk kupon hödürleýär

Gurban baýramyňyz mübärek bolsun! Berjek sadakalaryňyz kabul bolsun! Saçagyňyza bereket, maşgalaňyza abadançylyk getirsin!
Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
+99364 755997;

+99361 28-23-93
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......