Ätiýaçlandyryş näme üçin gerek we ol nähili hereket edýär? Resmi kepil HJ-niň jogaby

  • 27.06.2023 12:37
  • 33k+

Gymmat smartfonyňyzyň ekrany tötänleýin döwüldi, daşary ýurtdan sargyt eden ýüküňiz ýolda zyýan çekdi, edaraňyzyň ýa-da öýüňiziň emlägi ýangynda galdy ýa-da ony suw basdy, daşary ýurtda gidip ýa-da ýurduň içinde tötänleýin şikes aldyňyz, awtoulagyňyza garaşylmadyk ýagdaýda zyýan ýetdi...
Şularyň haýsy hem bolsa biri durmuşyňyzda iň bolmanda bir gezek gabat gelip gördümi?

GARAŞYLMADYK HADYSALARDAN HIÇ KIM GORAGLY DÄLDIR! Emma bu hili hadysalaryň netijesinde çekip biljek zyýanyň öwezini dolmak welin mümkindir.
Nädip? Ätiýaçlandyryp.
Ätiýaçlandyryş näme?

Ätiýaçlandyryş — bu müşderiniň belli bir tölegi üçin belli bir wagtyň dowamynda onuň zadyna ýa-da özüne kepil geçmekdir. Ýagny islendik adam öňünden ujypsyz töleg bilen ep-esli gymmatly emlägini zyýan çekmekden goraýar. Bu işleri şertnama baglanyşmak arkaly ýörite ätiýaçlandyryş kompaniýalary ýerine ýetirýär.

«Resmi kepil» hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasy Türkmenistanda ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynda milli we halkara derejede iş alyp barýan «Resmi kepil» HJ Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen emläk, şahsy we jogapkärçilik ätiýaçlandyrmasyny we gaýtadan ätiýaçlandyryşy amala aşyrmak üçin ygtyýarnama esasynda hereket edýär.
Mysal üçin, siz 16 000 manatlyk telefonyñyzy ekran döwülmeginden ätiýaçlandyrdyñyz. Ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegi 3%, ýagny 480 manat bolýar. Birden siz tötänleýin smartfonyňyzyň ekranyny döwdüñiz. Täze ekranyň bahasy hem 8 000 manat diýeli. «Resmi kepil» HJ şol möçberdäki puly size derek töläp berýär. Aýdaly, şol ýylyň dowamynda siz ikinji gezek hem ekranyňyzy tötänden döwdüňiz. «Resmi kepil» siziň ätiýaçlandyrmaňyzda galan beýleki 8000 manady hem töläp berer. Şeýdip, siz bir ýyl üçin 480 manat töläp, 16000 manatlyk enjamyňyzyň doly bahasyny ätiýaçlandyryp bilýärsiňiz.
Ýa-da
Siz 200 000 manatlyk maşynyñyzy heläkçilikden 1,5% we betbagtçylykly hadysadan 0,4% ätiyaçlandyrdyñyz (eliñize kepil polisi berilýär). Bu ýagdaýda ýyllyk ätiýaçlandyryş üçin tölegi, degişlilikde, 3000 we 800 manat bolýar. Ýylyñ dowamynda awtoheläkçilik bolsa ýa-da maşynyňyzy çyzsalar, üstüne agaç gaçsa, «Resmi kepil» HJ ýetirilen zyýanyñ hasaplamasyny gürleşilen awtoserwisde edip, resminamalaryñ we hasabatlaryñ esasynda öwezini doluş tölegini geçirip berýär.
Ýene-de bir mysal.
Mysal üçin: Gurluşyk kompaniýasy öz 1 millionlyk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrdy. Üçünji taraplaryñ saglygyna we emlägine zyýan ýetirmekden ýyllyk ätiýaçlandyryş tölegi 0,9%, ýagny 9000 manat bolýar. Birden bir aýdan gurluşykda kran ýykylyp, gurluşyk desgasynyň gapdalynda duran umumy bahady 400 000 manat bolan 2 maşyna zyýan ýetirýär. Bu ýagdaýda hem ätiýaçlandyryş kompaniýasy ähli çekilen çykdajylary öz üstüne alýar.
Ätiýaçlandyrmak işi dünýäde giňden ulanylýan hem-de wagtyň synagyndan geçen tejribedir. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hiç bir adam garaşylmadyk hadysalardan goragly däldir. Şonuň üçin hem ätiýaçlylygy elden bermäň!
«Resmi kepil» HJ ätiýaçlandyryş babatda islendik ýüze çykan soraglaryňyza jogap berer. Islendik adam özüni gyzyklandyrýan sorag bilen kompaniýa ýüz tutup biler. Maslahat bermek işi tölegsiz amala aşyrylýar.
«Resmi kepil» HJ şeýle hem bir ýylyňa 100 manat töläp, 40 000 manada çenli özüňi betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryp bolýandygyny ýatladýar. Ýagny, ätiýaçlandyryş kompaniýasy Süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjiginden, çykmagyndan; betbagtçylykly hadysa netijesinde şahsyň alan zeperinden; tötänleýin ýiti zäherlenmelerden; ýanyklardan we başgalardan ätiýaçlandyrýar.
«Resmi kepil» HJ-niň hödürleýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň her biri barada giňişleýin hem-de mysallar arkaly düşündirişini TmCars-Biznes hasaplardan okap bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:
+993(65) 71-33-87;
+993(12) 48-46-36;
+993(12) 48-46-37;
+993(12) 48-46-65
Mary welaýaty: +993(61) 72-72-24
Lebap welaýaty: +993(65) 58-18-19
Daşoguz welaýaty: +993(65) 04-90-66
Balkan welaýaty: +993(65) 54-17-23
Instagram: @resmikepil
E-mail:  info@resmikepil.com

Salgysy Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 50-nji jaý.

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.9k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...