Mekgede haj parzyny 2 milliondan gowrak zyýaratçynyň berjaý etmegine garaşylýar

  • 26.06.2023 08:37
  • 20k+

Saud Arabystanyndaky yslam dünýäsiniň merkezi bolan Mekge 160 döwletden iki milliondan gowrak zyýaratçyny haj parzy üçin kabul eder. Bu barada AFP agentligine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, haj parzyny berjaý etmeklik 24-nji iýunda irden al-Haram metjidindäki musulman mukaddesligi bolan Käbäniň daşyndan aýlanmak bilen başlandy. Uly metjidiň daşynda müňlerçe adam doga-dileg etdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde howanyň temperaturasy Selsiý boýunça 45 gradusa çenli ýokarlandy we Saud Arabystanynyň häkimiýetleri Mekgäniň köçelerine 32 000 lukmançylyk işgärini çykardylar, al-Haramyň töwereginde bolsa tiz kömek ulaglary, ykjam klinikalar we ýangyn söndüriji ulaglar nobatçylyk edýär.
Ýatlap geçsek, haj yslamyň bäş sütüniniň biri bolup, serişdesi bolan her bir musulman tarapyndan, iň bolmanda, ömründe bir gezek berjaý edilmelidir.
2019-njy ýylda haja 2,5 million töweregi adam gatnaşdy.


20.03.2026 11:19
10k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...