Nirede öz islän dizaýnyňdaky batnik-kepkalary taýýarladyp, logotipiňi goýduryp bolýar?

  • 25.06.2023 22:25
  • 28k+

«Gadyr Style» hususy kärhanasy söwda merkezlerine, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan firmalara, önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalara we başga-da isleg bildirýänleriň ählisine sargyt esasynda öz logotipi oturdylan futbolkalary, batnikleri hem-de kepkalary taýýarlap berýär.

Batnikleriň, kepkalaryň dizaýny müşderiniň islegine görä indiwidual taýýarlanylýar. Kompýuterde ilki önümiň dizaýny ylalaşylandan soň, müşderä br nusgada futbolka taýýarlanyp berilýär. Müşderi taýýar önümi eline alyp, doly tassyklandan  soň, sargydyň galan bölegi ýerine ýetirilýär.
Sargydyň iň az möçberi 50 sany bolmaly.
Sargytlar bir hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Logotipler iki görnüşde edilýär — dokma (wyşiwka) we döwülmeýän, sypmaýan nakleýka.

ONLAÝN HEM SARGYT EDIP BOLÝAR
«Gadyr Style» futbolka-kepkalary onlaýn arkaly hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýar. Bu ýagdaýda «Gadyr Style» müşderä öz logotipi oturdylan futbolka-kepkadan 3-4 nusga taýýarlap ugradýar.
«Gadyr Style» hususy kärhanasy futbolkalarynyň, batnikleriniň, kepkalarynyň ählisini Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlaýar. Önümleriniň jana rahat hem göze gelüwli bolmagyny, bahalarynyň amatlylygyny kepillendirýär.
Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär.

Diňe işgärler üçin däl, eýsem, müşderä-de sowgat
Logotipiň oturdylan futbolka-kepkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem ýerine düşen sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolka-kepkany geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup biler.
Golaýlap gelýän Gurban baýramy müşderileriňize ýakymly sowgat etmek üçin amatly pursat bolup biler.
«Zehinli çözgüt», «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun» ýaly kompaniýalar, «City market», «Şazada», «Paýtagt», «Şerbet», «Täjir» ýaly marketler, «Central park», «Nescafe», «Saryja» ýaly kafe-restoranlar, «Esmo», «Ödül», «Salkyn», «Arakesme», «Elin», «Kuwwatly Halal» ýaly kärhanalar  öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan batnik-kepkalary aldylar.

Öz logotipiňiz oturdylan batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.9k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...