Özbegistanda baýdagy etikany bozmakda we egin-eşik görnüşinde ulanmak gadagan edildi

  • 25.06.2023 12:21
  • 25k+

Özbegistanyň baýdagyny ahlak kadalaryny bozmakda, şeýle-de egin-eşik, örtgi we ş.m. görnüşinde ulanmak gadagan edildi. Kanuna degişli üýtgetmeleri Oliý Mažlisiň senatynyň deputatlary tassyklady. Bu barada senatyň metbugat gullugyna salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär.

“Baýdagy we onuň şekilini görkezýän nyşanlary jemgyýetde etikanyň düzgünlerini we özüňi alyp barşyň düzgünlerini bozmakda ýa-da olary masgaralaýjy başga bir usullar bilen ulanmak gadagan edilýär” – diýip, metbugat gullugy habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde baýdagyň nyşanlaryny egin-eşikde, şeýle-de tapawutly nyşan görnüşinde, ýöne diňe harby ýa-da başga bir döwlet gullugynda bolanlara we türgenlere ulanmaga rugsat berilýär.
Kanuna girizilen üýtgetmeler bilen Özbegistanyň ýaşaýjylaryna baýdagyň nyşanlaryny ulanmak rugsat berilýär. Şeýle-de, baýdagy jemgyýetçilik ýerlerinde, binalarda we beýleki desgalarda, awtotransport salonynda, resmi halkara çärelerinde ulanmak rugsat edilýär.
Mundan başga-da, baýdagy diňe bir resmi halkara çärelerinde däl, eýsem maşgala baýramçylyklarynda, jemgyýetçilik we döwlet işgärleriniň, harby gullukçylaryň jaýlanyşynda we ş.m. ýagdaýlarda ulanmaga rugsat berilýär.
Özbegistanyň baýdagyny sport ýaryşlarynda, köpçülikleýin bedenterbiýe, medeni we köpçülikleýin çärelerde hormat bilen ulanmaga rugsat berilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....