Infiniti logotipini we diler merkezleriniň ähli dizaýnyny üýtgetdi

  • 25.06.2023 12:01
  • 9.2k+

Infiniti kompaniýasy giň gerimli rebrending yglan etdi. Premium brendi diňe bir logotipini däl, eýsem dilerler merkezleriniň tutuş mazmunyny üýtgetmek kararyna geldi. Dogry, käbir bäsdeşlerden tapawutlylykda, satuwlar onlaýna geçmeýär-de, henizem adaty formatda galýar.

1989-njy ýylda Infiniti döredilen gününden bäri brendiň emblemasynyň häzirki stili yzygiderliligi boýunça dördünjidir. Öňküsi ýaly, logotip gözýetime gönükdirilen ýoly alamatlandyrýar. Setirleriň galyňlygy kiçeldi we INFINITI sözündäki harplaryň arasyndaky aralyk, tersine, artdy.
Beýleki markalaryň hemmesi "tekiz" logotiplere geçýär. Infiniti-de ol öňem şeýle görünýärdi. Emma ulaglarda welin, üç ölçegli nyşanlar we yşyklandyryjy bolar.


Dünýädäki diler merkezleri hem täzelener. Infiniti muny "täze bölek arhitekturasy" diýip atlandyrýar. Sergi otaglary mümkin boldugyça ýagty bolar, ýöne içerde göni Gün şöhlesinden gaça durmaga çalşarlar. Ilkinji bolup täze dizaýny Tehasdaky (ABŞ), Meksikadaky we Katardaky salonlar synagdan geçirer.
Infiniti-niň söwda nokatlarynyň içi ýapon däbinde bezeler. Hatda sitrus, kedr we serwi äheňjikleri garylan ýörite hoşboý yslary döredijiler hem şondan ylham alypdyrlar. Bu ys Infiniti diler merkezleriniň aýrylmaz bölegine öwrüler.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....