Asmanjobs iş we işgär gözlemegiň täze usulyny hödürleýär

  • 24.06.2023 19:04
  • 28k+

Iş ýa-da işgär gözlemek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy? Onda Asmanexpressiň täze işläp başlan Asmanjobs bölümi iş we işgär gözlemek prosesini has aňsatlaşdyryp, onuň innowasion usulyny hödürleýär.

Asmanjobs — bu iş gözlemek üçin onlaýn platforma bolup, onda ulanyjylar özüne laýyk boş iş orunlaryny tapyp, şeýle hem öz hünärleri barada maglumaty aňsatlyk bilen ýerleşdirip bilerler.
Asmanjobs-da iş gözlemegiň birnäçe usuly bar:

  1. Gözleg meýdançasyna gerek işiň adyny ýazyp bolýar;
  2. Kategoriýalar boýunça gözleg — IT, Internet, awtoulag işi, dolandyryş işi, banklar, maýa goýumlary, tejribesiz, hasapçylyk/maliýe, ýokary dolandyryş, döwlet gullugy, öý işgäri, jemgyýetçilik hyzmatlary, sungat/güýmenje, maslahat beriş, eltip beriji, marketing/mahabat/PR, lukmançylyk/derman önümleri, satyş, bilim/ylym, gözegçi/howpsuzlyk, önümçilik/çig mal/oba hojalygy, gurluşyk, taksi, ulag-logistika, syýahatçylyk/restoran, işgärleri dolandyrmak, fitnes/gözellik salonlary;
  3. Ilkinji ykjam goşundysy karta boýunça işlejek ýeriňi saýlamaga mümkinçilik hödürleýär. Meselem: iş ýeriňizi kartada yzarlap görüp bolýar we özüňiz üçin ýaşaýan ýeriňize ýakyn ýerleri sazlap bilersiňiz. Bu şertler hem uly ýeňillik we amatlylygy görkezýär.

Şeýle hem Asmanjobs-da öz adyňa profil döredip, täze çykan boş iş orunlary barada maglumatlary alyp hem bolýar. Dürli welaýatlarda iş gözleýänler üçin bu diýseň uly amatlydyr.
Platformada iş we işgär gözlemek üçin bildiriş goýmak MUGT amala aşyrylýar.
Asmanjobs bilen bir hatarda Asmanexpress-de şeýle hem Asmanshop platformasy hem hereket edýär. Indi ulanyjylar diňe bir azyk, hojalyk ýaly harytlary sargyt etmek bilen çäklenmän, eýsem, brend eşikleri hem onlaýn satyn alyp bilerler. Asmanshop bölüminiň möhüm aýratynlygy — ol hem, brend egin-eşikleriň katalogyny gözden geçirip, öýde geýip görmek üçin sargyt edip bolýanlygydyr. Müşderi  Koton, Mavi, LC Waikiki, Ramsey, Altin Yildiz Classics, Avva, Flo, Koton kids ýaly brendlerden islän egin-eşigini saýlap sargyt edýär. Asmanshop-yň işgärleri bolsa bary-ýogy 90 minudyň içinde şol eşigi siziň öýüňize getirýär. Siz öz öýüňizde oturan ýeriňizde brend eşikleri mugt geýip görüp, satyn alyp bilersiňiz. Tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Şeýle hem Asmanexpress-de 19 l arassalanan agyz suwuny 10 MINUTDA eltip bermek boýunça Arassa Asman täze önümini hödürleýän ilkinji online tehnologiki platforma.
Asmanexpress ulanyjylarynyň göwnünden turjak hem-de olaryň durmuşyny ýeňilleşdirjek ýene-de köp sanly täzelikleriň üstünde işleýär. Bu täzelikler ulanyjylaryň gymmatly wagtyny tygşytlap, başga, has möhüm işleri etmäge mümkinçilik berer.
Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyp, jemi 100 manat möçberinde kupon hökmünde bonus gazanyň!

Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....