Ýaponiýada superkompýuterde beýniniň işiniň nusgasy dörediler

  • 24.06.2023 18:32
  • 9.8k+

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi 2024-nji ýylda dürli keselleri bejermegiň usullaryny gözlemek üçin superkompýuteriň kömegi bilen adam beýnisiniň işiniň nusgasyny döretmek boýunça taslama başlar. Bu barada “Yomiuri” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Alymlar maglumatlar bazasyny dörederler, oňa ýerli hassalaryň ýagdaýy barada maglumatlar we maýmynlarda geçirilen tejribeleriň netijeleri giriziler. Soňra superkompýuter bu maglumatlar bazasyny seljerer we onuň esasynda beýniniň işiniň modelini döreder. Gözlegçiler alnan modeli demensiýanyň we depressiýanyň döremeginiň sebäplerini ýüze çykarmak, şeýle-de işlenip düzülýän serişdeleriň synaglaryny simulirlemek üçin ulanmagy maksat edinýärler.
Bu taslamanyň çäklerinde geçiriljek gözlegiň alty ýyl töweregi dowam etmegine garaşylýar. Bu maksatlar üçin Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 10 mlrd ýena (takmynan, $70 mln) möçberde goşmaça býujet çekmegi meýilleşdirýär.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....