Bir supra dükany Gurban baýramy mynasybetli çörek önümlerine arzanlaşyk yglan etdi

  • 24.06.2023 13:15
  • 28k+

Çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýän «Bir supra» (öň «Supra» ady bilen tanalýardy) dükany Gurban baýramy mynasybetli önümlerine arzanlaşyk yglan etdi.

25-nji iýundan 5-nji iýul aralygynda:

  • 500 gr-lyk türkmen çöregi — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • 900 gr-lyk türkmen çöregi — 6 manatdan (öň 8 manat)
  • buhanka çöregi (demir ýol) — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • petir 1 kg — 8 manatdan (öň 10 manat)  satyn alyp bilersiňiz.

Bu bahalar dükandan çörek önümlerini bölekleýin satyn alýan müşderiler üçindir.
Şäher içinde iň amatly bahalary hödürleýän «Bir supra» dükany diňe bir gündelik däl, eýsem, toý-sadakalarynyň saçaklaryny bezejek, ýokary hilli undan öndürilýän önümleriniň giň toplumynyň bardygyny ýatladýar.
Islendik adam bu dükandan öz halaýan çöregini tapyp biler. Dükanda tamdyr çöregiň 3 görnüşi (250 gr, 500 gr, 900 gr), petir çörek, buhanka, türk dokasy, pide çörek, trabzon, berhiz çörek bar. Bulkalaryň 11 görnüşi, kökeleriň 40-a golaý görnüşi, süýjülikleriň, tortlaryň dürli görnüşleri bar.

2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Bir supra» dükany Aşgabadyň söwda nokatlaryna, naharhanalara we toý mekanlaryna amatly şertlerde hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu babatda dükan eltip bermek hyzmatynyň bardygyny, şeýle hem hasaplaşyklaryň nagt we nagt däl görnüşde kabul edýändigini habar berýär.
Köp mukdardaky sargytlar 1 gün öňünden kabul edilýär.

Iş wagty: 07:00-dan 21:00-a çenli
Salgysy: Aşgabat ş., Medeniýet (Reutowa) köçesiniň 4-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99363 51-99-99; 36-42-43 (41), 12-19-19
TmCars biznes-hasap: BIR SUPRA

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......