Dünýäniň ýaşamak üçin iň gowy şäherleriniň sanawy yglan edildi

  • 24.06.2023 10:55
  • 33k+

Wena ýaşaýyş derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri diýen adyny saklap, “Economist Economist Intelligence Unit” (EIU) iňlis žurnalynyň seljeriş bölüminiň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi. Global Liveability Index 2023-iň hasabaty penşenbe güni EIU tarapyndan tanyşdyryldy.

Awstriýanyň paýtagty 172 şäheriň sanawynda Kopengagenden (2-nji ýer), Melburndan we Sidneýden öňde durýar. Hünärmenler dünýäniň şäherlerindäki ýaşaýyşyň derejesine birnäçe görkezijiler boýunça baha berdiler we deňeşdirdiler: ösüşiň durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura.
Awstraliýanyň 3-nji we 4-nji ýerleri eýelän iň uly şäherleri geçen ýyl ýitiren orunlaryny yzyna gaýtaryp aldylar (degişlilikde 10-njy we 13-nji ýer). Şu ýyl ilkinji bäşlige girenleriň arasynda Wankuwer bar. Geçen ýyl EIU-nyň sanawynda 34-nji orny eýelän Oklend, Sýurihi we Ženewany (6-njy we 7-nji), şeýle hem Kalgarini we Torontony (7-nji we 9-njy) öňe goýberip,  Osaka bilen 10-njy orny paýlaşdy. EIU-niň sanawyny Alžir, Tripoli we Damask ýapýar.
Ondan öň Wena birnäçe ýyl yzly-yzyna ýaşamak üçin iň amatly şäher diýen ada eýe bolupdy, ýöne 2021-nji ýylda ol bu ýerini Oklende berdi we 2022-nji ýylda birinji ýerini yzyna gaýtaryp aldy.


04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

25.04.2026 16:02
6.4k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

23.01.2026 12:02
8.6k+

Awstriýada zähmet guralyny ulanmaga ukyply sygyr tapyldy

Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi...