Dünýäde 10 MINUTDA 19 l arassalanan agyz suwuny eltip berýän ilkinji hyzmat! Asmanexpress: 10 minutda suw eltip bermek boýunça özboluşly hyzmat!

  • 22.06.2023 20:15
  • 14k+

Işden öýe gelip, arassalanan agyz suwuny sargyt etmegi unudan wagtyňyz boldumy? Ýa-da şol gün sargydyň giç berlenligi sebäpli erteki güne geçirilýän wagtyna gabat gelip gördüňizmi?
Adatça arassalanan agyz suwuny sargyt edip näçe wagt garaşýarsyňyz?
Anyk bileňizokmy?

Asmanexpress munuň anyk wagtyny bilýär — 10 MINUT!
YNANMAK KYNMY? ONDA, BARLAP GÖRÜŇ!
Hyzmat hemmeler üçin elýeterli!

Arassa Asman  agyz suwuny eltip bermek hyzmaty dünýäde iň gysga wagtda — 10 minutda ýerine ýetirilýär.
Asmanexpress-iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem onuň özboluşlylygydyr.  Bu günki gün suwy şeýle tiz wagtda eltip berýän başga hyzmat ýok. Işlenip düzülen innowasion tehnologiýalar hem-de täsirli logistika netijesinde Asmanexpress eltip bermegi täsin galdyrýan wagtda — 10 minutda ýerine ýetirýär. Asmanexpress bilen garaşyp oturmak diýen zat indi mesele däl.

NÄDIP SARGYT ETMELI?

  1. Asmanexpress ykjam goşundysyny ýükläp almaly we bellige alynmaly.
  2. Asmanexpress we Asmanmega serwislerinde «Arassa Asman» kategoriýasyndan gerek möçberde suw saýlamaly.
  3. Sargydy resmileşdirmeli we 10 minutdan gapyny açybermeli.

Nähili şertler bar:

  • Başga kärhananyň suwlarynyň gaby MUGT çalşylýar.
  • Asmanexpress hyzmatynda başga kärhananyň suwunyň gaby çalşyrylanda 1 gap suwuň bahasy – 15 manat, 2 gabyňky 28 manat.
  • Asmanmega hyzmatynda 1 gap suwuň bahasy – 14 manat.
  • Ilkibaşda sargyt edilende 1 gap suwuň bahasy – 125 manat, 2 gabyňky – 225 manat, 3 gabyňky – 300 manat.

Şertleri örän aýdyň hem hemmeler üçin elýeterli!
Siz bu özboluşly hyzmatdan peýdalanyp biljek ilkinji müşderi bolup bilersiňiz!

Asmanexpress ykjam goşundysy barha kämilleşýänligi hem-de innowasiýalara ymtylýandygy bilen tapawutlanýar. Bu ykjam goşundy müşderileriň kanagatlandyrylmagyny ilkinji nobatda goýup, olara agyz suwuny rekord dereje gysga wagtyň içinde eltip bermek boýunça özboluşly hyzmaty hödürleýär. «Asmanexpress bilen wagtyňyzy tygşytlaň» ýörelgesine eýerip, müşderileriň zerurlyklaryna üstünlik bilen hötde gelip, hyzmat onlaýn-şoping hem-de eltip bermek boýunça oňaýly hem netijeli platformany hödürleýär. Bu müşderileriň diňe bir wagtyny tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem, dürli harytlary satyn almakda güýjüni hem tygşytlaýar.
Eltip bermek hyzmatynyň her gün sagat 7:00-dan 23:00-a çenli hereket edýändigini nazar alsaň-ha, bu arassalanan agyz suwuny eltip bermek bilen bagly ýüze çykyp biläýjek ähli meseleleriň çözgüdi bolup durýar. Ykjam goşundy müşderilere sargydyny aňsat bermäge, proseslere syn etmäge we eltip berijiniň ýoluny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi işi tizleşdirýär we has aýdyň edýär.

Asmanexpress agyz suwuny 10 minutda eltip bermek boýunça innowasion hyzmaty üçin ykrar edilmäge mynasyp. Hyzmatyň özboluşlylygy, ulanmakdaky ýönekeýligi hem-de harytlaryň giň toplumyny sargyt edip bolýanlygy Asmanexpress-i ähli ulanyjylar üçin özüne çekiji edip goýýar.
Asmanexpress diňe bir 19 litrlik arassalanan agyz suwuny däl, eýsem, azyk, hojalyk harytlaryny, brend egin-eşikleri we beýleki önümleri eltip bermek boýunça hem hyzmatlary hödürleýär.

Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyp, 100 manat möçberinde bonus gazanyň!

Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:
+99364 755997
Saýt: asmanexpress.com

Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......