2023-nji ýylyň iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi

  • 22.06.2023 16:25
  • 16k+

Peru döwletiniň paýtagty Limada ýerleşýän Central Peru restorany dünýäde iň gowy restoran diýlip ykrar edildi. "2023-nji ýylyň iň oňat 50 restorany" (The World s 50 Best Restaurants) baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleriniň yglan edilmegi Walensiýada geçirildi.

Şu ýyl peruly baş-aşpezler Wirhilio Martines bilen Pii Leonyň restorany geçen 2022-nji ýylda iň gowy restoran diýlip ykrar edilen Kopengageniň Geranium resrotanynyň ornuny aldy. Central-yň web sahypasyndaky maglumatlara görä, Perunyň ýerli aşhanasynda tebigatyň ýerli bereketleri we aşpezlik goşundylary ulanylýar. Ozal bu restoran Latyn Amerikasy sebitinde iň gowusy hökmünde bäş gezek ykrar edilipdi we onuň birbada 11 wekili şu ýylyň iň gowy 50 restoranynyň sanawyna girizildi. Ilkinji 50-ligiň ýene ýedi agzasy Aziýa ýurtlaryndan.

2023-nji ýylyň iň gowy 50 restorany:

  • Central (Lima),
  • Disfrutar (Barselona), 
  • Diverxo (Madrid),
  • Asador Etxebarri (Aşle, Ispaniýa),
  • Alchemist (Kopengagen),
  • Maido (Lima),
  • Lido 84 (Gardone Riwýera, Italiýa), 
  • Atomix (Nýu-Ýork),
  • Quintonil (Mehiko),
  • Table by Bruno Verjus (Pariž),
  • Trèsind Studio (Dubaý),
  • A Casa do Porco (San-Paulu),
  • Pujol (Mehiko),
  • Odette (Singapur),
  • Le Du (Bangkok),
  • Reale (Kastel-di-Sangro, Italiýa),
  • Gaggan Anand (Bangkok),
  • Steirereck (Wena),
  • Don Julio (Buenos-Aýres),
  • Quique Dacosta (Deniýa, Ispaniýa),
  • Den (Tokio),
  • Elkano (Hetariýa, Ispaniýa),
  • Kol (London),
  • Septime (Pariž),
  • Belcanto (Lissabon),
  • Schloss Schauenstein (Fýurstenau, Şweýsariýa),
  • Florilège (Tokio),
  • Kjolle (Lima),
  • Boragó (Santýago),
  • Frantzén (Stokgolm),
  • Mugaritz (San-Sebastýan,Ispaniýa),
  • Hiša Franko (Kobarid, Sloweniýa),
  • El Chato (Bogota),
  • Uliassi, (Senigalliýa, Italiýa),
  • Ikoyi (London),
  • Plénitude (Pariž),
  • Sézanne (Tokio),
  • Clove Club (London),
  • The Jane (Antwerpen),
  • Restaurant Tim Raue (Berlin),
  • Le Calandre (Rubano, Italiýa),
  • Piazza Duomo (Alba, Italiýa),
  • Leo (Bogota),
  • Le Bernardin (Nýu-Ýork),
  • Nobelhart & Schmutzig (Berlin),
  • Orfali Bros. Bistro (Дубай),
  • Mayta (Lima),
  • La Grenouillère (La Madlen-Su-Monreý, Fransiýa),
  • Rosetta (Mehiko),
  • The Chairman (Gonkong).

Dünýäniň müňden gowrak restoratory we restoran tankytçysy 2023-nji ýylyň iň gowy restoranyna ses bermäge gatnaşdy. Öňki ýyllaryň ýeňiji restoranlary bu baýraga hödürlenmedi. 

düýn 20:25
5.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
7.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
5.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......