«Sabiana» we «Grad» kompaniýalary türkmen bazaryna amatly bahadan sowadyş enjamlaryny hödürleýär

  • 21.06.2023 12:42
  • 41k+

Ýaşaýyş jaýlary hem-de edaralar üçin sowadyş hem-de ýyladyş enjamlaryny öndürýän Hytaýyň «GRAD» we Italiýanyň «Sabiana» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi wekili türkmen bazaryna ýokary hilli howa sowadyjylaryny, split ulgamlary, fankoýllary, çillerleri, şeýle-de VRV multi zolak sowadyş ulgamlaryny amatly bahadan hödürleýär.

100 ýyla golaý iş tejribesi bolan «Sabiana» italýan kompaniýasynyň önümleriniň hatarynda — pol we diwarlyk sessiz fankoýllar hem-de gurnalan dolandyryş ulgamly howa sowadyjylary bar. Şeýle hem satuwda Wi-Fi arkaly mobil telefonynyň kömegi bilen dolandyrylýan fankoýllaryň görnüşleri hem elýeterli. Bu brendiň önümleriniň ählisine bir ýyl kepillik berilýär.

Hytaýyň «GRAD» kompaniýasy bolsa sarp edijilere otaglara niýetlenen split howa sowadyjylarynyň, pol ýyladyjy enjamlarynyň, şol sanda howa sowadyjyly suw modul çillerleriniň we howa sowadyjyly suw çillerleriniň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu brendiň önümleri pes woltly şertlerde hem işlemäge ukyplylygy, hatda onuň pese düşmeginde-de çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Sowadyş we ýyladyş ulgamlaryny gurnamak boýunça tölegsiz maslahat hyzmatlary hem-de sargyt etmek üçin telefon belgileri:
+993 65 41-82-82; +993 64 27-91-87+993 63 24 16 67.
TmCars Biznes hasap: Sabiana&Grad

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......