Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlaw möwsümi dowam edýär

  • 21.06.2023 12:24
  • 15k+

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär

Dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň guramalary gatnaşýarlar. Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň guramalary tarapyndan hödürlemäge bagyşlanan ýygnaklar giň gerimde dowam edýär.
Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli dowam eder. Şeýle-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw toparynda bellige almak işleri hem dowam edýär. Dalaşgärleri bellige almak 2023-nji ýylyň 28-nji iýunyna çenli dowam eder.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....