Tesla Cybertruck şu tomusda Täze Zelandiýada gyş synaglaryny geçirýär

  • 20.06.2023 10:29
  • 14k+

Tesla Cybertruck-iň prototipi uçar bilen Täze Zelandiýa getirildi. Electrek neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ýurtda iň soňky gyş synaglaryndan geçer.

Öňler Tesla gyş synaglary üçin ýerli meýdançalary ulanýardy. Täze Zelandiýada gyşyň iýun-awgust aýlary aralygynda dowam edýändigini bellemelidiris. Iýul iň sowuk aý hasaplanýar.
Tesla, esasan, özüniň Alýaskadaky synag meýdançasyny gyş synaglary üçin ulanýar, emma Demirgazyk ýarym şarda tomus düşende awtoulag öndüriji Täze Zelandiýadaky synag  meýdançasyny ulanýar.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Tesla eýýäm Alýaskada Cybertruck-y gyş synagyndan geçirdi, ýöne ulag häzirki wagtda önümçiligine girişilmezden ozal soňky synagyndan geçýär.
Tesla-nyň soňky resmi teswirinde kompaniýanyň şu ýylyň üçünji çärýeginiň ahyrynda ilkinji ulaglary goýbermegi meýilleşdirýändigi aýdylýar. Tesla üpjün edijilere awgust aýynyň ahyrynda Cybertruck-iň goýberilişine we oktýabr aýynyň başynda köpçülikleýin önümçilige taýyn bolmalydyklaryny aýtdy.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......