Türkmenistanyň DIM-inde Slowakiýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 19.06.2023 18:14
  • 8.3k+

Şu gün, 19-njy iýunda Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

B.Mätiýew Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işleriniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşykda türkmen-slowakiýa gatnaşyklarynyň häzirki ikitaraplaýyn gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça bilelikdäki işlerine ünsi çekdi.
Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi. Bu nukdaýnazardan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de iki ýurduň telekeçileriniň özara saparlaryny guramak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......