Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy

  • 18.06.2023 14:58
  • 11k+

Counterpoint analitik kompaniýasynyň hasabyna görä, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da elektromobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 79% ýokarlandy, bu hem ABŞ-a Germaniýadan öňe geçip, dünýäde ululygy boýunça ikinji elektrikleşdirilen awtomobilleriň (nusgawy elektromobiller we birikdirilýän gibridler) bazaryna öwrülmäge mümkinçilik berdi. Elektromobil satuwy boýunça ABŞ-dan öňde diňe Hytaý bar diýip, caliber.az belleýär.

Kompaniýanyň pikiriçe, elektromobiller üçin salgyt ýeňillikleri satuwy ýokarlandyrmakda uly rol oýnady we, umuman, ABŞ-nyň awtomobil pudagyna kömek etdi. Bu çärýekde Tesla-nyň paýyna elektromobil satuwynyň 62,7%-i düşdi, Model Y we Model 3 modelleriniň ikisi-de birinji orny eýeledi.
Birinji çärýekde diňe Tesla-nyň elektromobil satuwynyň umumylykda 34 awtomobil markasyny hödürleýän 18 awtoöndürijiniň bilelikdäki satuwyndan ýokary bolandygyny bellemek gerek. GM awtoöndürijisi Bolt EUV we Bolt bilen ikinji orunda ýerleşdi – awtokonserniň satuw göterimi 7,6% boldy. Volkswagen bolsa ID.4 modeliniň kömegi bilen bazaryň 6,3%-ini eýeledi.


şu gün 12:31
221

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

şu gün 09:36
1.1k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......