5-si 1 ykjam goşundyda: Asmanexpress täze wersiýasynda Asmanshop we Asmanjobs işläp başlady

  • 17.06.2023 16:32
  • 23k+

Hemmeler kaşaň durmuşy, ýokary hilli hyzmaty hem bagtly durmuşy arzuw edýär!
Adama gündelik näme gerek — iýmit, suw, egin-eşik hem-de iş.
Her gezek iýmiti, suwy, egin-eşigi nireden almaly we özüňe laýyk işi nireden tapmaly?
Ine, bu sanalyp geçilen zatlaryň ählisini iň amatly şertlerde Asmanexpress ykjam goşundysyndan tapyp bilersiňiz!

Asmanexpress-iň işläp taýýarlaýjylary ykjam goşundyny kämilleşdirmek hem-de oňa täze funksiýalary goşmak boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar. Ykjam goşundyda özboluşly hyzmat, ýagny 10 minutda eltip bermek hyzmaty bar. Bu hyzmat iň tiz eltip bermek hyzmaty bolup, Türkmenistanda bu ugurdan ýeke-täkdir. Hyzmatyň hilini gowulandyrmak üçin Asmanexpress ykjam goşundysynyň täze wersiýasy çykaryldy.
Asmanexpress bu günki gün ulanyjylar üçin ykjam goşundyda iki sany täze bölümi işe girizdi — Asmanshop we Asmanjobs. Indi ulanyjylar diňe bir harytlary sargyt etmek bilen çäklenmän, eýsem, brend eşikleri hem onlaýn satyn alyp bilerler. Asmanshop bölüminiň möhüm aýratynlygy — ol hem, brend egin-eşikleriň katalogyny gözden geçirip, öýde geýip görmek üçin sargyt edip bolýanlygydyr. Müşderi  Koton, Mavi, LC Waikiki, Ramsey, Altin Yildiz Classics, Avva, Flo, Koton kids ýaly brendlerden islän egin-eşigini saýlap sargyt edýär. Asmanshop-yň işgärleri bolsa bary-ýogy 90 minudyň içinde şol eşigi siziň öýüňize getirýär. Siz öz öýüňizde oturan ýeriňizde brend eşikleri mugt geýip görüp, satyn alyp bilersiňiz. Tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär. Munuň özi onlaýn söwdada düýpli öňegidişlikdir.



Mundan başga-da, Asmanexpress ýeten sepgidinde saklanman, has öňe hereket etdi we ýene-de bir täze bölüm açdy — Asmanjobs. Bu iş gözlemek üçin onlaýn platforma bolup, onda ulanyjylar ösüne laýyk boş iş orunlaryny tapyp hem-de öz hünärleri barada maglumaty aňsatlyk bilen ýerleşdirip bilerler. Şeýle hem öz adyňa profil döredip, täze çykan boş iş orunlary barada maglumatlary alyp hem-de karta boýunça işlejek ýeriňizi saýlap bilersiňiz. Dürli welaýatlarda iş gözleýänler üçin bu diýseň amatlydyr.


Öýde geýip görmek mümkinçiligi bolan brend eşikleriň onlaýn satuwy hem-de iş gözleginiň bir ykjam goşundyda jemlenmegi — bu hakykatdan hem ykjam goşundylaryň bazarynda özboluşly ýagdaýdyr.
Asmanexpress ulanyjylarynyň göwnünden turjak hem-de olaryň durmuşyny ýeňilleşdirjek ýene-de köp sanly täzelikleriň üstünde işleýär. Bu täzelikler ulanyjylaryň gymmatly wagtyny tygşytlap, başga, has möhüm işleri etmäge mümkinçilik berer.
Ýakynda Arassa Asman hyzmaty işläp başlar — bu hyzmat iň gysga wagtda arassalanan agyz suwuny eltip bermegi göz öňünde tutýar.
Täzelikleri yzarlaň, ykjam goşundynyň täzelenen görnüşini ýükläp alyň hem-de ýokary hilli hyzmatdan lezzet alyp, 100 manat möçberinde bonus gazanyň!
Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!

Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.9k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...