Walentina Tereşkowa Gagarin ordeniniň ilkinji eýesi boldy

  • 17.06.2023 12:47
  • 17k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dünýädäki ilkinji zenan kosmonawty — Walentina Tereşkowany Gagarin ordeni bilen sylaglamak baradaky permana gol çekdi. Baýrak döwlet Baştutany tarapyndan maý aýynyň ahyrynda döredildi, Tereşkowa ordeniň ilkinji eýesi boldy.

Permanda aýdylyşy ýaly, orden kosmos giňişligini öwrenmekdäki hyzmaty, taryhy uçuş wagtynda görkezen edermenligi we yhlasy, jemgyýetçilik we halkara işjeňligi üçin berildi. Bu permana Tereşkowanyň uçuşynyň 60 ýyllygyna gabatlap gol çekildi.
Täze buýruk, hususan-da, kosmonawtikada bitiren hyzmatlary için, mysal üçin, kosmos gämilerini üstünlikli uçurmakda görkezilen hyzmatlar üçin berilýär.
60 ýyl mundan ozal, 1963-nji ýylyň 16-19-njy iýunynda Walentina Tereşkowa – çagyryş yşaraty Çaýka - planetany 48 gezek aýlanan “Wostok-6” kosmiki gämisinde taryhy uçuşyny amala aşyrypdy. Uçuşyň umumy dowamlylygy 2 gün 22 sagat 50 minut boldy. Tereşkowa ilkinji kosmonawt we ýekelikde kosmos uçuşyny amala aşyran ýeke-täk aýal hökmünde adamzat taryhyna hemişelik girdi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....