Şwarsenegger ABŞ-nyň prezident ýaryşyna gatnaşmak islegi barada aýtdy

  • 17.06.2023 12:27
  • 25k+

Eger ABŞ-nyň kanuny prezident ýaryşyna gatnaşmaga rugsat beren bolsa, aktýor Arnold Şwarsenegger dalaşgär bolmaga synanyşardy. Bu barada ol “People” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, rbc.ru habar berýär.

Ol 2024-nji ýylda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky soraga “Hawa, elbetde” diýmek bilen, bu saýlawlarda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny hem aýtdy.
Şwarsenegger Awstriýada doglandygy sebäpli prezidentlige dalaş edip bilmeýär. 1968-nji ýylda ol ABŞ-a göçdi, 1983-nji ýylda bu ýurduň raýatlygyny aldy. Ol 2003-nji ýylda Kaliforniýanyň gubernatory boldy, 2006-njy ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy.
Arnold Şwarsenegger – aktýor, işewür we syýasatçy. Ol bodibildingde karýerasyna başlap, uly üstünliklere ýetdi we ýedi gezek “Jenap Olimpiýa” titulynyň eýesi boldy. Soňra ol kinoda surata düşüp başlady. Ol, esasanam, Terminatoryň keşbi bilen meşhurlyga eýe boldy.
ABŞ-nyň nobatdaky prezident saýlawlary 2024-nji ýylda geçiriler.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......