Kaliforniýaly ýigit Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, dünýä rekordyny täzeledi

  • 16.06.2023 16:08
  • 15k+

Spidkubing boýunça 21 ýaşly amerikaly çempion Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Rekordlar kitaby kaliforniýaly Maks Parkyň mehaniki tapmaçany düzmek boýunça wagty 0,34 sekunt azaldyp, rekord goýandygyny mälim etdi. Şeýlelik bilen, ol 2018-nji ýylda hytaýly spidkuber Ýuşeng Du tarapyndan goýlan rekordy täzeledi.
Öň, Park sportuň bu görnüşinde 3,63 sekunt wagt bilen 2-nji orny eýeledi.

Çagalykda oňa autizm diagnozy goýulýar we ol spidkubingi "gowy bejergi" hasaplap, bu sport bilen meşgullanyp başlaýar diýip, onuň ene-atasy gürrüň berýär.

"Maksyň suwly gaby açyp bilmeýän wagtlary bolýardy, muňa garamazdan ol Rubigiň kubigini düzmäge gyzyklanma bildirdi" - diýip, olar belledi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....