Täjigistanyň ilçisi Şarifzoda Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

  • 16.06.2023 12:07
  • 4.7k+

Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda 15-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. 

Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňişleýin ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky möhüm meseleler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Tajigistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine Prezident Emomali Rahmon Wafo Niýatbekzodany belledi.
Öň, Niýatbekzoda Täjigistanyň DIM-niň Strategik barlaglar müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işledi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......