Hilda Baçi dünýädäki iň dowamly aşpezlik ýaryşynyň rekord eýesi diýlip ykrar edildi

  • 15.06.2023 22:21
  • 9.6k+

Ähli subutnamalary düýpli öwrenenden soň, Ginnesiň rekordlar kitaby Hilda Baçi ady bilen tanalýan Hilda Effiong Bessiniň 93 sagat 11 minut wagt bilen iň dowamly aşpezlik ýaryşynyň (şahsy) rekordyny resmi taýdan täzeländigini tassyklap biler diýlip, rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

26 ýaşly Nigeriýadan şef-aşpez, penşenbe güni, 11-nji maýda öz işine başlady we duşenbe güni, 15-nji maýa çenli işläp, aşhanada bolan dört gününiň dowamynda 100 pitiden gowrak nahar taýýarlady.
Hilda 100 sagat bolan rekordy goýmaga synanyşdy, ýöne ýedi sagat onuň ahyrky netijesinden aýryldy, sebäbi ol rekord goýmaga synanyşygynyň başynda ýalňyşlyk bilen dynç almak üçin berilýän arakesmeleriň birinde goşmaça minut aldy.
Düzgün boýunça, gatnaşyja her üznüksiz iş sagadyna dynç almak üçin bäş minutlyk arakesme berilýär. Eger bu arakesmelerden peýdalanylmasa, olar ýygnanyp biler. Bu synanyşyk wagtynda Hildanyň wannadan peýdalanyp ýa-da uklap biljek ýeke-täk ýagdaýydy.
87 sagat 45 minut bolan öňki rekord 2019-njy ýylda Lata Tondon (Hindistan) tarapyndan goýuldy.
Hilda “Nigeriýanyň aşhanasyny karta çykarmak” we “ýaş afrikaly aýallary öz arzuwlaryna ýetmäge ruhlandyrmak” üçin bu rekordy goýmagy maksat edindi.

“Şeýle-de, men öz mümkinçiliklerimi giňeltmek we ukybymy barlap görmek üçin bu rekordy täzelemek isledim” – diýip, ol belledi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....