Ýaponiýada 40 000 ýaşaýjy üçin awtonom ýüzýän şäher dörediler

  • 15.06.2023 15:44
  • 41k+

Ýaponiýanyň N-Ark kompaniýasy syýahatçylyk desgalaryny, lukmançylyk edaralaryny we hatda kosmos raketalaryny öz içine aljak özboluşly ýüzýän şäheriň taslamasyny işläp düzdi. Dogen City atly şäher howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly islendik deňiz joşmalaryna garşy durup, 40 000-e çenli adamy elektrik energiýasy, iýmit we suw bilen özbaşdak üpjün eder ýaly ýagdaýda işlenip düzüler. Bu barada novosti.kg habar berýär.

Dogen City-nyň uzynlygy 4 km bolar. Ol, takmynan, 10 000 hemişelik ýaşaýjy üçin niýetlenen, şeýle-de islendik wagt 30 000 syýahatçyny kabul edip biler. Onuň tegelek şekili güýçli howa şertlerine we hatda sunamilere garşy durup bilmek üçin işlenip taýýarlanylar, ýöne munuň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumat ýok.
Şäher üç zolaga bölner. N-Ark kompaniýasy ýüzýän şäheriň ýylda 2 mln litre golaý suw sarp etjekdigini hasaplady. Dogen City her ýyl 3288 tonna zibil çykaryp, ony gaýtadan işlär. Bu ýerde ýylda, takmynan, 7000 tonna azyk we 22 265 000 kWt elektrik energiýasy öndüriler. Bu zerurlyklary kanagatlandyrmak, elbetde, uly mesele bolup durýar we ýüzýän şäheriň muny nähili amala aşyrjakdygy barada maglumatlar örän az, ýöne köp sanly Gün panelleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Häzirlikçe bu ýüzýän şäheriň nirede dörediljekdigi we onuň gurluşygy üçin çykdajynyň näçeräk boljakdygy belli däl, ýöne N-Ark ony eýýäm 2030-njy ýyla çenli ulanmagy meýilleşdirýär.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....