Adam her sagatda takmynan 16 mikroplastiki böleji demine dartýar

  • 15.06.2023 14:54
  • 21k+

Halkara fizikler topary ilkinji gezek adamyň ýokarky dem alyş ýollaryndan geçýän mikroplastiki bölejikleriň hereketini öwrendi we her sagatda ortaça 16 mikroplastiki bölejigiň adamlaryň dem alyş agzalarynda çökýändigini anyklady. Bu Ýeriň plastikler bilen hapalanmagyna garşy göreşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtap görkezýär diýip, sişenbe güni Amerikanyň Fizika institutynyň (AIP) metbugat gullugy habar berdi.

"Alymlar dürli ululykdaky we hertüýsli şekildäki mikroplastiki bölejikleriň, adamyň dem alyş ýollaryna düşenlerinde, çalt we kadaly dem alynýarka özlerini alyp barşyny hasapladylar. Alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar bu bölejikleriň ep-esli böleginiň dem alyş ulgamynyň käbir ýerlerinde, şol sanda burun boşlugynda we bogazda çöküp galýandygyny görkezdi "- diýip habarda aýdylýar.

Sidneýiň Tehnologiýa Uniwersitetiniň uly ylmy işgäri Muhammet Yslamyň ýolbaşçylygyndaky awstraliýaly, hytaýly we eýranly fizikler topary bölejikleriň adamyň dem alyş ulgamyna aralaşanlarynda özlerini alyp barşy bilen gyzyklandy. Alymlaryň bu meselä bolan gyzyklanmasy bir ýyl mundan ozal lukmanlaryň plastmassa bölejikleriniň kämahal dem alyş ýollaryna has çuň aralaşýandygyna ilkinji subutnamalary tapmagy bilen baglanyşyklydyr.


düýn 23:14
3k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....