Türkmenistanly futbolçylar CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda Özbegistandan utuldy

  • 15.06.2023 14:38
  • 22k+

Türkmenistan Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň milletler kubogynyň — CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda Özbegistandan ýeňildi.

«Pahtakor» stadionynda geçen duşuşyk özbek futbolçylarynyň peýdasyna 2:o hasabynda tamamlandy. Özbegistandan Italiýanyň «Spesiýa» klubunyň oýunçysy Eldor Şomurodow dubl etdi.
Özbegistandan utulandygyna garamazdan, Türkmenistan topardan ikinji bolup çykmaga mümkinçiligini saklap galýar. Bu bolsa biziň ýygyndymyza ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge mümkinçilik berýär.
Ugurdaş duşuşykda «A» toparda Täjigistan bilen Oman 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Iki tapgyrdan soň, «A» toparda Özbegistan 6 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde Täjigistan (2 utuk), ondan soňra Türkmenistan (1 utuk) we Oman (1 utuk) ýerleşdi. Topardan çykmak üçin türkmen toparyna Omany ýeňmek, şeýle hem Özbegistanyň Täjigistandan utulmazlygyna umyt etmek gerek. CAFA-2023-iň toparlaýyn tapgyrynyň Türkmenistan bilen Omanyň arasyndaky jemleýji duşuşygy 17-nji iýunda geçiriler.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....