Eltip bermek hyzmatynyň kynçylyklary we Asmanexpress-iň çözgütleri!

  • 14.06.2023 20:54
  • 12k+

Her bir adam gündelik durmuşda dükanlara gatnamak hem-de sargyt etmek bilen bagly köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. 

  • Sargydyňyzy getirýäniň dyngysyz jaňlaryndan, salgyňyzy, girelgäňizi, gapyňyzy düşündirip durmakdan, şeýle hem sargydyňyzy almak üçin köçä çykmakdan ýadadyňyzmy?
  • Sargydyňyza sagatlap garaşyp ýadadyňyz?
  • Zol dükana gatnap, nobata garaşyp ýadadyňyzmy?
  • Işde ýadanyňyzdan soň, öýe baryp dynç almak isleýärsiňizmi, öýde bolsa gerek harytlaryňyzyň gutaranyny bilip, ýene-de dükana gitmeli bolýaňyzmy?

Ýekeje düwmä basyp, gapyny açyp, sargydyňyzy kabul etmek isleýärsiňizmi? Asmanexpress hyzmatynda bu meseleleriň çözgüdi bar! Ykjam goşundyda sargydyňyzy resmileşdiriň we 10 minutdan gapyňyz kakylyp, sargydyňyz ýetiriler! Öz gündelik zerur harytlaryňyzy sargyt edip ähli kynçylyklary Asmanexpress bilen ýätdan çykaryp bilersiňiz !
10 minutda eltip berýän aýratynlygy bolan Asmanexpress hyzmaty wagtynyň gadryny bilýänler we zol dükanlara gatnamakdan ýadanlar üçin öwezini dolup bolmajak çözgüde öwrüldi. Tiz eltip bermek hyzmaty diňe bir maşgalaň bilen wagtyňy uzak geçirmäge, eýsem, täze taslamalar, güýmenjeler bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hiliň ýokarlanmagyna hem mynasyp goşant bolup durýar.
Tiz eltip bermek hyzmaty bu her bir ädimi oýlanyşykly sazlanan aňrybaş hyzmatdyr.
Wagt — pul diýilýär. Adamlaryň aglabasy wagtynyň gadryny bilip, ony has netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Hut şonuň üçin hem Asmanexpress müşderileriň arasynda meşhurlykdan peýdalanýar.
Asmanexpress diňe bir tiz eltip bermek hyzmatyny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlarynyň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny hem kepillendirýär. Kompaniýa eltip berýän işgärlerini jikme-jik seçip alýar, olaryň ygtybarlylyk hem hünäre ukyplylyk derejesini mazaly barlaýar. Müşderiler sargydynyň abat hem seresap geljekdigi barada ynamly bolup biler. Ykjam goşundy müşderilere sargydyny aňsat bermäge, eltip bermek hyzmatyny yzarlamaga we eltip berýän bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi tutuş işi tizleşdirýär we aýdyň edip goýýar. Kompaniýa hyzmatyň ýokary hilini üpjün edýär, müşderileriň soraglaryna dessin jogap berýär we olaryň isleglerini aňry-ýany bilen kanagatlandyrmaga çalyşýar.
Asmanexpress azyk harytlaryny, hojalyk üçin zerur harytlary, brend egin-eşiklerini, arassalanan agyz suwuny we beýleki harytlary eltip bermek boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Şunuň netijesinde Asmanexpress sargydy iň gysga wagtyň içinde eltip berýän ygtybarly hem jogapkärli hyzmatdaş adyny saklap gelýär.

Asmanexpress – siziň iň ýakyn dostuňyz!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:00-dan 23:00-a çenli hereket edýär.

Asmanexpress ykjam goşundysyny ýükläp alyň we jemi 100 manatlyk kupon gazanyň!

Ykjam goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we AppStore.
Saýt
asmanexpress.com
Elektron poçtainfo.asmanexpress@gmail.com

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.9k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.8k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...