Berluskoniniň yzynda galdyran mirasy takmynan 5 milliard ýewro deň boldy

  • 14.06.2023 14:47
  • 16k+

Italiýanyň duşenbe güni aradan çykan öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni ýurduň iň baý adamlaryndan biri bolmagynda galýardy. Corriere della Sera gazetiniň habaryna görä, onuň 5 milliard ýewro töweregi mirasy 5 çagasyna we 16 agtygyna geçer.

Mirasda esasy paý 4,89 milliard ýewro barabar bolan “Fininvest” maşgala holdingine düşýär. Oňa Mediaset telekompaniýasynyň 50 göterimi we Mondadori neşirýatynyň 53 göterimi, şeýle hem Mediolanum banky girýär. Bäş çaganyň her birine (ilkinji nikadan iki ulusy - Marina we Pýer Silwio - esasy wezipeleri eýeleýär) 7,65%-den düşýär, şonda Berluskoni 61,3%-ni özünde sakladygy bolýar.
Forbesiň soňky reýtingine görä, Berluskoni Italiýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda üçünji orny eýeleýärdi. Käbir ýyllarda ol birinji ýere hem çykypdy. Žurnal, bazar ölçeglerine görä, onuň baýlygyny 6,9 milliard ýewro diýip çaklady. Berluskoniniň ähli kompaniýalary, şol sanda ozal “Milan” we häzirki “Monza” ýaly futbol klublary üçin esas Fininvest boldy, bu hiç haçan zyýana gitmezlige we ýitgileriň öwezini dolmaga mümkinçilik berdi, mysal üçin Berluskoniniň eýeçiligi soňky ýyllarda “Milan”-dan zyýana galýardy. 


27.05.2026 01:10
2.5k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.1k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......