Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

  • 14.06.2023 07:50
  • 12k+

13-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy.

Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän çärä gatnaşmak üçin bu ýere halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary geldiler.
Sahnada konsert guralyp, onuň maksatnamasy dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginliligini, milli däpleriň özboluşlylygyny şöhlelendirdi.
Şu gün, 14-nji iýunda festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň maslahatlar zalynda «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.
«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde duşuşyklar, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, tomaşaçylara öz milli sungatyny görkezerler.
Myhmanlar üçin medeni maksatnama guraldy, ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrmagy, deňiz suw ulagynda gezelençleri özünde jemleýär.
16-njy iýunda Hazar deňziniň kenaryndaky ajaýyp interaktiw suw çüwdürimli seýilgäh toplumynyň amfiteatrynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy, degişli diplomlaryň gowşurylyşy hem-de döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti bolar.


düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....