Täze Toyota Alphard awtoulagynyň daşky görnüşi dolulygyna görkezildi

  • 13.06.2023 19:47
  • 44k+

Toyota konserni “Alphard” mikroawtobusynyň täze neslini diňe 21-nji iýunda hödürlemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, “AutoHome”-iň habaryna görä, geljekki täze ulagyň daşky görnüşi indi gizlin däl: Hytaý bazary üçin mahabat wideosy taýýarlananda ogryn suratçylar Alphardy surata  düşürmegi başardylar.

Toyota Alphard radiatoryň monumental gözenegini saklar, ýöne doldurylyşy düýbünden täze bolar. Optika üýtgär (öň tarapkysam, arka tarapkysam), duman çyralary birleşdirilen, ýöne görnüşi üýtgedilen öň bamperde bir jübüt “gyýak” ulanylýar.
Alphard-yň sudury  has dinamik bolar we ortasynda ýyldyrym ýaly egrem-bugram penjire çyzgysy yzky tarapa rahat düşer. Gapdal aýna hem şoňa görä täzeden gözden geçirildi. Yz tarapy başga bir bamperiň hasabyna gönüburçly diýen ýaly bolar, ýöne dizaýnerler burçuny ullakan çyralar bilen utgaşdyrarlar.
Suratda Alphard-yň içki jikme-jiklikleri hem düşüpdir: oňa görä, ikinji hatary aýry oturgyçly awtoulagyň iň kaşaň görnüşi surata alnypdyr. Uly tirsekgoýarlar we kellegoýarlar görünýär. Mundan başga-da, suratdan görnüşi ýaly, oturgyçlar yza-öňe çekilip bilinýän aýakgoýarlar bilen üpjün ediler.

Alphard üçin esas ýaňy-ýakynda girizilen ikinji nesil “Lexus LM” -iň platformasy bolandyr diýlip çaklanylýar. Awtoulagyň hereketlendirijisi 2,4 we 2,5 litr göwrümli birnäçe "dörtlükden" ybarat bolar - atmosfera, ýokary güýçli we 211 at güýjüni berýän elektrik gurluşly. Korobka  hökmünde, alternatiw däl üýtgeýjini hödürlärler, priwodlar hem bir okda, hem-de doly görnüşinde peýda bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......