Ýaş ýazyjy kitabyň dowamyny çap edip, bäş ýaşyna çenli iki rekordy täzeledi

  • 13.06.2023 19:39
  • 19k+

Şu ýylyň mart aýynda 4 ýyl 218 gün ýaşynda kitabyny çap edip, bu boýunça iň ýaş adam hökmünde dünýä rekordyny goýan Birleşen Arap Emirliklerinden Said Raşed Al-Mheýri öz üstünligi bilen ýene-de haýran galdyrdy. 20 günden soň ýaş ýazyja bu kitabyň dowamyny ýazmak başartdy we bu hem oňa 4 ýyl 238 gün ýaşynda kitaplar toplumyny çap eden iň ýaş adam titulyny (erkek adam) getirdi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Kitap Birleşen Arap Emirliklerinde 13 ýaşa çenli çagalara gönükdirilen Rainbow Chimney Educational Aids täjirçilik neşirýaty tarapyndan çap edildi.
Düzgünlere laýyklykda, kitap azyndan 1000 sany çap nusgasy bilen satylmaly, ýazyjynyň maşgalasyna bolsa muny 2023-nji ýylda Abu-Dabide geçirilen Halkara kitap ýarmarkasynda ýerine ýetirmek başartdy.
Oglanjygyň “Pil Said we aýy” atly birinji kitabynda pil barada gürrüň edilip, şeýle diýilýär: “Pil dagda oturylyşyk guramak isledi. Ol pili iýmegiň deregine onuň dosty bolmak kararyna gelen ak aýy bilen tanyşdy”.
Onuň “Meniň hakyky dostum” toplumyndaky ikinji kitabynda öz dosty ak aýy bilen hoşlaşyp, öýüne dolanýan pil barada gürrüň berilýär. Ýöne pil suwa gaçyp, kömege çagyrýar we şonda aýy kömege gelýär.
Waka piliň öz dostuna minnetdarlyk bildirmegi bilen tamamlanýar. Said ony şeýle sözler bilen beýan edýär: “Seniň hakyky dostdugyň üçin minnetdar”.


04.06.2026 17:17
4.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....