Toyota Yaris modeliniň iň kuwwatly nusgasynyň nähili ýygnalýandygyny görkezdi

  • 12.06.2023 17:12
  • 14k+

Frame YouTube kanalynda Ýaponiýanyň Motomaçi şäherindäki Toyota zawodyna wideo gezelenç çap edildi. Bu zawodda GR Yaris hot-hetç — seriýa modeliniň iň güýçli nusgasy ýygnalýar.

Wideoda gurnama işini, kuzowyň kuwwat gurluşyny kebşirlemegiň başyndan başlap, taýýar ulagyň ýagtylyk tunelinde barlanylyşyna çenli jikme-jik görkezilýär. 
Hot-hetçiň berk korpusynyň binýady ýokary takyk robotlar tarapyndan kebşirlenýär. Şeýle-de bolsa, kebşirlemäge degişli käbir ýerler elde amala aşyrylýar. Şeýle hem, korpusyň gurnama prosesinde käbir bölekleri birikdirmek üçin ulanylýan ýelim elde çalynýar: şeýtmek gurluşyň berkligini ýokarlandyrýar.
Ýygnamagyň esasy tapgyrlary hem elde amala aşyrylýar. Kompaniýa öň dünýäde iň meşhur hot-hetçiň önümçiligine iň ökde we tejribeli işgärleriň çekilýändigini aýdypdy.
Gurnama hatary boýunça uly bölekleri ondan-oňa geçirmek üçin pilotsyz awtomatiki arabalar ulanylýar. Elektrik enjamyny gurmak tapgyryna ýokary takyklykdaky göterijiler hem gatnaşýar. Ýagtylyk tuneli zawodyň işiniň soňky tapgyryna öwrülýär — bu ýerde boýag işleriniň hili barlanýar, şondan soň taýýar awtoulag ýöreýiş synagyna iberilýär. 


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......