Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri boýunça rekord eýesi boldy

  • 12.06.2023 13:33
  • 5.6k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 23-nji “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanyp, bu görkeziji boýunça ispaniýaly Rafael Nadaldan öňe geçip, rekord eýesi boldy.

Ýekşenbe güni Jokowiç Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalynda norwegiýaly Kasper Ruuddan üstün çykdy.
36 ýaşly serbiýalynyň hasabynda “Rolan Garrosda” üç, Awstraliýanyň Açyk çempionatynda on, “Wimbledonda” ýedi, ABŞ-nyň Açyk çempionatynda üç ýeňiş bar. “Rolan Garrosda” gazanan titullary boýunça rekord eýesi bolan (14) Rafael Nadal “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 22 gezek ýeňiş gazandy. Ol şikes sebäpli Fransiýanyň Açyk çempionatyny sypdyrdy.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....